Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy
1 Noý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy

2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy bolup geçdi. 

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da iki ýurduň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda maglumat alyşmak, geçirilmegi gadagan edilen harytlara barada maglumaty birek-birege geçirmek, çalt zaýalanan harytlaryň serhetýaka gümrük nokatlarynda tizleşdirilen usulda geçirilmegi üçin şertleri döretmek duşuşygyň barşynda gozgalan esasy meseleler boldy. 

Şeýle-de bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke-täk gümrük nokadynyň döredilmegi barada pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, e-TIR ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Yzygiderli esasda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.