Gümrük habarlary

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
17 Noý
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky asylly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen, hususy işewürligiň ösdürilmegi, ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriniň ornuny tutýan hem-de ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän, eksporta niýetlenen täzeçil usuldaky gaýtadan işleýän pudagyň kämilleşdirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredilýär. Türkmen telekeçileri ykdysadyýetimiziň oba-senagat, hojalyk haryt önümçiliginde we beýleki ähli ugurlarda uly işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy, internet ulgamy ösürmekde döredip beren, şeýle mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary we Telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat agzalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hasda artdyrmak ýurdumyzda öndürýän harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak önüm öndürijileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we harytlaryň, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen onlaýn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçileriniň işlerini kämilleşdirmekde täze kanunçylyk namalary, eksportyň kuwwatyny hasda artdyrmak barada, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan döredilýän mümkinçilikler we başgada birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.