Gümrük habarlary

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde birinji orny eýeleýär
24 Noý
Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde birinji orny eýeleýär

Pekini turbageçiriji arkaly tebigy gaz bilen esasy üpjün edijileriň arasynda Türkmenistan ýanwar – oktýabr aýlarynda birinji orny saklaýar.

Agzalan döwürde Hytaý Türkmenistandan 19,79 million tonna import edipdir. Hytaýa ugradylýan gazyň möçberi boýunça ikinji orunda Russiýa (5,94 million tonnadan gowrak), ondan soň Gazagystan (3,73 million tonna), soň bolsa Özbegistan (2,57 million tonna) we Mýanma (2,53 million tonna) gelýär.

Türkmenistan Hytaý ykdysadyýetiniň zerurlyklary üçin turbageçiriji gazyny üpjün etmekde 2020-nji ýylda-da öňdebaryjy bolupdy. Şonda onuň paýy Pekiniň bu energiýa göterijisiniň umumy importynyň 60%-ini (20,7 million tonna) düzýärdi. Şol döwürde Russiýa Hytaýa takmynan 2,96 million tonna eksport etdi.