Habarlar

Türkmenistanyň hünärmenleri GDA döwletleriniň alymlarynyň üçünji forumynyň işine gatnaşar
24 Noý
Türkmenistanyň hünärmenleri GDA döwletleriniň alymlarynyň üçünji forumynyň işine gatnaşar

24 – 27-nji noýabrda Minskde GDA ýurtlarynyň alymlarynyň ylmyň ösüşine bagyşlanan III forumy geçiriler. Bu çäräniň esasy maksatlary GDA döwletleriniň arasynda ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, bilelikdäki täze gözlegleri höweslendirmek we hünärmenler jemgyýetinde alymlaryň we ýaş hünärmenleriň halkara çakganlyk ulgamyny döretmekdir.

Tegelek stoluň başynda aşakdaky temalary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär: «Düýpli ylymyň ýagdaýy we geljekdäki ösüşi», «Sanly döwürde ylmy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek» we «Innowasion ylmy derňewler».

Bu foruma Türkmenistanyň wekillerinden başga-da GDA ýurtlarynyň Ylymlar akademiýalarynyň we iri ylmy-derňew merkezleriniň ýolbaşçylarydyr öňdebaryjy alymlary, şeýle hem Russiýanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ylmy guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.