Gümrük habarlary

Miwe we gök önümleriň söwdasy
23 Dek
Miwe we gök önümleriň söwdasy

Ýurdumyzyň söwda nokatlary we bazarlary ilata ýurdumyzda öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän dürli miweleri hödürleýärler. Ildeşlerimiziň Täze ýyl saçagynda, adatça, bahanyň we hiliň iň amatly gatnaşygy sebäpli uly isleg bildirilýän Eýranyň sitrus miweleri we almasy bardyr.

Eýranyň habar beriş serişdeleriniň aýtmagyna görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurduň demirgazygyndaky Mazenderan welaýatyndan üç sany güýz miwesiniň: kiwiniň, mandariniň we pyrtykalyň goňşy ýurtlara, esasanam Türkmenistana we Russiýa eksporty ep-esli artypdyr. Täze möwsümiň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň ady Eýran almalarynyň iň köp import edijileriniň hatarynda tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, biziň ýurdumyz-da üçünji ýurtlaryň bazarlaryny täze gök önümler we miweler bilen üpjün etmekde öz eksport mümkinçiligini artdyrýar. «EastFruit»-iň synçylary ýyladyşhana pomidorlarynyň Türkmenistandan Russiýa bazaryna görlüp-eşidilmädik akymyny bellediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň miwe eksportynyň görkezijilerini seljermek bilen, olar Türkmenistanyň netijeleriniň aýratyn gyzyklydygyny belleýarler, tomusda Russiýa 507 tonna irki alma eksport edilipdir, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30% ýokarydyr. Synçylar 2021-nji ýylyň tomsunda Russiýada almanyň bahasynyň 2020-nji ýyldakydan ep-esli pesdigini ýada salmak bilen, şu şertlerde eksportyň möçberiniň artmagynyň ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýändigini nygtaýarlar.