Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
25 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

2016-njy vylyň 23-24-nji iýuny. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. 

Iş saparynyň birinji güni, Sammitiň öň ýanynda döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

Bu ýerde, “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň,  Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň, şeýle-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyklar geçirildi. 

24-nji iýunda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis ŞHG-niň döredilmeginiň 15 ýyllyk senesinde geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ulag-aragatnaşyk ulgamyny ŞHG ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, häzirki wagtda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen “Demirgazyk — Günorta”, “Günbatar — Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň esaslandyrylan bolup görünýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň ählisiniň wekiliýetlerini we synçylary şu ýylyň 26—27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ŞHG ýurtlary bilen söwda dolanyşygyny giňeltmäge, eksport-import amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagat hem-de söwda düzümlerini döwrebaplaşdyrmak üçin tejribäni we tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bilelikdäki kuwwatyň şeýle aragatnaşyklary özara bähbitlilik hem-de uzak möhletli esasda guramaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.