Habarlar

Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi
19 Mar
Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi

   2017-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.

   Döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, ilkinji bag nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berdi. Çärä gatnaşyjylaryň hemmesi milli Liderimiziň göreldesine eýerdi.

   Güneşli ülkämiziň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak üçin zerur bolan çärelere gatnaşmakdan hiç kim çetde galmady. Çünki türkmen halkynda bag ekmek asyrlar boýy sogap iş hasaplanyp gelipdir. Şu gün paýtagtymyzyň bu künjeginde 75 gektar meýdanda saýaly, pürli we bezeg agaçlarynyň, şeýle hem gyrymsy agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleriniň 30 müňüsi oturdyldy.

   Täze nahallaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň daş-töweregine bezeg berdi. asylly işiň gerimi aklyňy haýran edýär, çünki ozal ýalaňaç oturan dag eňňitlerinde we çölüň gum depelerinde bu gün gök öwüsýän tokaý zolaklary daş-töwerege bark urýar. Gerimi boýunça örän uly bolan bag ekmek maksatnamasyny amala aşyrmak – howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň umumydünýä işine önjeýli goşant bolup durýar, çünki gök zolaklar zäherleýji täsiri güýçlendirýän kömürturşy gazyny çekip alýar.