Gümrük habarlary

Oýunlaryň dördünji gününde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň ýeňişleri
20 Sen
Oýunlaryň dördünji gününde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň ýeňişleri

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Oýunlaryň dördünji gününde sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Şol gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18 bürünç medala eýe boldy.

Üç sany medaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna gazanmak başartdy. Begenç Ýagmyrow (65 kg.) we  Zöhre Madraimowa (60 kg.) altyn medallara hem-de Gülnar Haýytbaýewa (65 kg.) kümüş medala mynasyp boldy.