Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
17 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada taslamalaýyn Ylalaşyga gol çekildi. 

Bu günki Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda  

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Witaliý Wremiş we administratiw we maliýe meseleleri boýunça menejeri hanym Meri Rizaýewa bilen geçirilen duşuşygyň esasy maksady «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmagyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň barşynda, hususan-da «ASYCUDA World» ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly enjamlary we programma üpjünçilik önümlerini satyn almak boýunça hukuk we guramaçylyk esaslary we tehniki talaplary barada özara pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.