Habarlar

Türkmenistanlylar Watanymyzyň häzirki belent derejesine we röwşen geljegine buýsanç bilen 2016-njy ýyly garşylaýarlar
1 Ýan
Türkmenistanlylar Watanymyzyň häzirki belent derejesine we röwşen geljegine buýsanç bilen 2016-njy ýyly garşylaýarlar

Türkmenistanlylar döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň alamaty astynda geçen 2015-nji ýyly iň oňat umyt-arzuwlar bilen ugradyp, Täze, 2016-njy ýyly ählihalk ruhubelentlik ýagdaýynda garşylýarlar. Şu ýyl biz ýene bir şanly senäni – milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Türkmenistanyň garaşsyzygynyň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda garşylarys. 

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýik maksatlaryndan, ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge, adamlaryň ruhy we döredijilik başarnyklaryny açmak üçin zerur şertleri döretmek ýaly maksatlardan ugur alyp, binýatlaýyn milli taglymlaryň töweregenide jebisleşip, biz türkmen halkynyň taryhy tejribesinde emele gelen ähli gowy däp-dessurlary, ýörelgeleri, halk mirasy diýlip atlandyrylýan gymmatlyklary gorap saklaýarys. 

Gadymy däp-dessurlaryň häzirki döwrüň täze ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagy, oňyn özgertmeleriň dowam etdirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletliliginiň ösüşiniň häzirkizaman tapgyrynyň özboluşly aýratynlygydyr. Taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmakda, onuň ähli ulgamlaryny özgertmekde, täze mümkinçilikleri we garaýyşlary, türkmen halkynyň pelsepewi - ahlak gymmatlyklaryny peýdalanmakda esasy binýat hökmünde çykyş edýär. 

Geçen 2015-nji ýyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly senenemasyna uly zähmet üstünilkleri, beýik işler we asylly başlangyçlar bilen girdi. Diplomatiýa ulgamynda, ykdysadyýetde, durmuş syýasatynda gazanylan üstünlikler geçen ýylyň möhüm alamatlarydyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklary – ýangyç-energetika toplumyndan başlap şäher gurluşygyna çenli bu üstünilklere buýsanyp bilerler. Diňe dekabr aýynda taryhy wakalaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek we “Galkynyş” känini özleşdirmegiň üçünji nobatdakysyna girişmek, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini ulanmaga bermek ýaly taryhy wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Ýylyň ahyrynda, 22-nji dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasy biziň ýurdumyzyň ulag – üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky başlangyjy boýunça Rezolýusiýany kabul etdi. Munuň özi halkara ulag meseleleri boýunça Türkmenistanyň öňe süren we BMG tarapyndan biragyzdan goldanylan ikinji resminama bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň uly üstünligidir. 

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip gylan edilmeginiň çäklerinde geçirilen köpsanly halkara çäreleri ýurdumyzyň ruhy durmuşynyň möhüm wakalary boldy. Türkmenistanyň Preidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenstan!” watançylyk aýdymynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda birnäçe müň adamyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanmagy Mary şäherine berlen ýokary derejä bagyşlanan çäreleriň dabaraly jemlenmesi boldy. Bu waka Ginnesiň Rekordlar kitabynda täsin hadysa hökmünde hasaba alyndy.