Habarlar

Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy
19 Apr
Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet hanarlar gullugy habar berýär.

Şu çäre dürli döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Bu döredijilik forumyny geçirmek üçin Türkmenistana dostlukly ýurduň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary geldiler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde, ilki bilen, dostlukly ýurduň artistleriniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary düzdi. Olar halk sazlaryny we aýdymlaryny hödürlediler.

Artistleriň köpöwüşginli milli lybaslary we gadymy saz gurallarynyň özboluşly owazy çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary öz halkynyň folklor däplerini nesilden-nesle geçirýän myhmanlaryň ýokary sungat ussatlygyna berlen baha boldy.

Bu döredijilik baýramçylygynyň türkmenistanlylara Saud Arabystanynyň halkynyň mirasy, häzirki durmuşy hem-de däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berendigi şübhesizdir.