Gümrük habarlary

Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy
20 Apr
Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy

2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň bilelikdäki Meýilnamasyna laýyklykda guraldy. 

Duşuşykda Gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň başlygy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölüminiň işgäri hem-de Baş prokuraturasynyň wekili çykyş etdiler. 

Terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleri Türkmenistanda gümrük edaralarynyň dolandyryş, guramaçylyk işiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şahsy düzüm bilen şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ukyply içerki rezerw bolup durýar. Wagyz-nesihat işleri gümrük işgärine öz wezipe borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmäge, kanuny berjaý etmäge çagyrýar, mähriban Watanymyza söýgüni, ýokary hünär we ahlak sypatlary ündeýär.