Habarlar

Sanly ykdysadyýet boýunça ýörite okuwlar
22 Apr
Sanly ykdysadyýet boýunça ýörite okuwlar

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatyna laýyklykda sanly ykdysadyýet boýunça gysga möhletli okuwlaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.

Okuw meýilnamasyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň ugurlary we tapgyrlary, sanly ykdysadyýete geçmegiň hukuk üpjünçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamy, maglumat howpsuzlygy we beýleki mowzuklar girizildi. Okuwlaryň ilkinji tapgyryna 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlamak meýilleşdirilýär.