Habarlar

Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi
24 Apr
Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi

ürkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.