Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda geçen 2015-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem döwletimizde we jemgyýetimizde parahatçylygy, durnuklylygy, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça düzümleriň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi. Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary özlerine ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutany tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow  gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada, Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçen ýyl amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany soňky ýyllarda Türkmenistanyň tutuş Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde ykrar edilmegi netijesinde iş gerimi artan gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda işgärleriň saýlanyp alynmagy, täze we hereket edýän gümrük terminallarynda guramaçylykly işi üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmegi durýar diýip belledi. Şol terminallarda oturdylan döwrebap enjamlar netijesinde Türkmenistanyň çäginden geçýän ähli ýükler ykjam barlanýar. Türkmenistanyň  Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça  degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda  hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gülläp ösüş döwrüne gadam basan eziz Watanymyza birkemsiz gulluk etmekde üstünlikler arzuw etdi.