Habarlar

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi
23 Maý
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iki günüň dowamynda geçirilen X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady, TDH habar berýär.

Bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden gatnaşan wekiller türkmen hyzmatdaşlary bilen geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda 100-den gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri bar.

Kongrese gatnaşyjylaryň «Galkynyş» iri gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar bilen tanyşdyrylmagy aýratyn gyzyklanma döretdi.

X Halkara gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurtly telekeçileriň we Türkmenistanyň nebitgaz pudaklaýyn edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köpsanly işjeň duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ýurdumyzyň gaz senagatynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň ahyrynda kongrese gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.