Habarlar

Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi öz işine başlady
16 Okt
Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi öz işine başlady

2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçiriýlan ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar. Senagat toplumynyň we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine ýardam etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hem-de sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň senagat enjamlarynyň...

DOWAMY
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
16 Okt
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we adalatly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we EYR-nyň...

DOWAMY
Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine howa gatnawlary ýola goýlar
15 Okt
Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine howa gatnawlary ýola goýlar

2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrda geçirilen iş maslahatynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçirilýän işler, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi. Geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükl...

DOWAMY
Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi
14 Okt
Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.  Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Ber...

DOWAMY
Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
11 Okt
Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary T.Molçan, Russiýa Federas...

DOWAMY
Aşgabatda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi
11 Okt
Aşgabatda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen Döwlet Baştutanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň içinde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Bu sammitiň işine gatnaşmak ma...

DOWAMY