Habarlar

Halkara maglumat howpsuzlygy meselelerine bagyşlanan türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri
23 Maý
Halkara maglumat howpsuzlygy meselelerine bagyşlanan türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri

2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maglumat howpsuzlygy boýunça türkmen-rus hökümetara geňeşmeleri geçirildi. Rus tarapynyň wekiliýetine Russiýa Federasiýasynyň Howpszulyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary O.W. Hramow  ýolbaşçylyk etdi.     Geňeşmeleriň dowamynda syýasy döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, wekiliýet ýolbaşçylary maglumat howpsuzlygy meselesinde geljekde özaragatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny we zerurlygyny bellediler. Maglumat gurşawyndaky...

DOWAMY
Türkmenistanda Konstitusiýamzyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
19 Maý
Türkmenistanda Konstitusiýamzyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi.     Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna hem-de Baş tuguna gül goýmak dabarasy boldy.      Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmeni...

DOWAMY
Awtomobil sportunda görkezen ýokary ussatlygy üçin hormatly Prezidentimiziň sylaglary
15 Maý
Awtomobil sportunda görkezen ýokary ussatlygy üçin hormatly Prezidentimiziň sylaglary

2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Garagum sährasynyň ýollary boýunça geçirilen bu saýlama tapgyra Döwlet Baştutanymyzyň özi hem gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi.     Maslahata ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisini taýýarlamaga we geçirmäge jogapkär edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň sport jemgyýe...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy
14 Maý
Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi.     Ýaryşlaryň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.     Bu gün hem ýaryşyň saýlama tapgyrynyň barşynda milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy uly tizlikde çöllük ýerleriň päsgelçiliklerini ýokary tizlik bilen geçdi.   ...

DOWAMY
Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistanyň halkyna
9 Maý
Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!  Hormatly uruş weteranlary!      Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmeni...

DOWAMY
“Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýoly
5 Maý
“Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýoly

4-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde  Wise-premýer D.Amangeldiýewdegişli şekilleri görkezmek bilen, “Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi” awtomobil ýolunyň hem-de onuň ugrundaky köpriniň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.      Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleriniň döredilendigini belledi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyn...

DOWAMY