Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi
11 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň sport merkezlerinde türgenleşik geçdi

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.     Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylara, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär hem-de adamlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwürdi. Döwlet...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy
10 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy

2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurdy.     Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek hakynda Permana hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekildi. Bu barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berildi.     Şol gün hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň...

DOWAMY
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi
10 Ýan
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.     Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň howpsuzlygyny we asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berk...

DOWAMY
Birža täzelikleri
9 Ýan
Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.      Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden,Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt puluna azyklyk däne, pagta süýümi, boýalan tüýjümek önümler satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 548 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 157 müň manatlyk azyklyk däne satyn aldylar.

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi we täze dünýä inen taýçanaga Ruhubelent adyny dakdy
9 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi we täze dünýä inen taýçanaga Ruhubelent adyny dakdy

2017-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan asylly däbe görä, Täze ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen döredilen deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri gezdirip ýören wagty hormatly Prezidentimize täze taýçanagyň dünýä inendigi barada şatlykly habary aýtdylar.      Elbetde, nesliň dünýä inmegi atşynaslar üçin hemişe uly şatlyk bolup, bu ýagdaý yzygiderli bolup geçýär. Ýöne häzirki wakanyň Täze ýylyň başynda bolup geçendigi özboluşly mazmuna eýedir. Munuň özi tutuş ýylyň uly...

DOWAMY
Ýanwar aýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar
9 Ýan
Ýanwar aýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär.      Şu aýyň medeni çäreleriniň hatarynda zehinli çagalara hem-de çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bar. Şeýle hem Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistan...

DOWAMY