Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň duşuşygynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi
1 Few
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň duşuşygynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurnanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Hazaryň kenaryndaky şähere gelen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi.     Duşuşygyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça, şeýle hem ähli ugurlarda, şol...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
31 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.     Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň gümrük gullugynyň işlerini käm...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre
30 Ýan
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.      Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Permanlary esasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Sylaglanan harby gullukçylaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet gü...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
27 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň serkerdelere, esgerlere, diňleýjilere Ýaragly Güýçleriň harby talyplaryna iberen gutlagynda aýdylýar. Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr diýlip, gutlagda nygtalýar.  Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly,...

DOWAMY
 Türkmenistanyň mejlisiniň wekiliýeti Tährandaky YHG-nyň agza-ýurtlarynyň parlament bileleşigniň maslahatyna gatnaşdy
19 Ýan
Türkmenistanyň mejlisiniň wekiliýeti Tährandaky YHG-nyň agza-ýurtlarynyň parlament bileleşigniň maslahatyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Tährana Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tährana geldi. Günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň çakylygy kabul edilendigi we Tährana wekilçilikli topar iberilendigi üçin minnetdarlyk bildiren Eýranyň Mejlsiniň ýolbaşçysy Ali Larijani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň do...

DOWAMY
Aşgabatda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
19 Ýan
Aşgabatda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy, ylym, teleradiogepleşikler we aragatnaşyk boýunça komitetiniň agzasy jenap Park Deçul ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň çäklerinde türkmen-koreýa döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösmegine ýardam edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýanynda hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ýanynda döredilen türkmen-koreý do...

DOWAMY