Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
17 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.  Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz menziliň çäginde ýörite taýýarlanylan ýere baryp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň we onuň esasy düzümleýin desgalarynyň taslamalaryny synlady.  Döwlet Baştutanymyz çyzgylary we maketleri gözden geçirmegiň öň ýanynda “Gap Inşaat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çaly...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy. Şu şanly waka ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynda häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap önümçilik toplumynyň işe girizilýändigini alamatlandyrdy. Soňky ýyllarda telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we ilçi birnäçe esasy ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, iki ýurduň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.  Milli Liderimiz soňky ýyllarda ýüze çykan häzirki zaman...

DOWAMY
Beýik ýüpek ýoly: taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty
12 Few
Beýik ýüpek ýoly: taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda ir bilen Sarahs demir ýol menzilinde Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan–Eýran ugry boýunça herekete girizilen synag otlusyny garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly ulag-üstaşyr düzümi döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň başyny başlady. Synag gatnawy bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň her birinde demir ýol arkaly ýük daşamagy ýola goýmak hem-de logistikany kadalaşdyrmak üçin birnäçe iş düzgünlerini girizmäge gönükdirilend...

DOWAMY
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
10 Few
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

2016-njy ýylyň 9-njy fewralynda türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däp bolan sergisi öz işine başlady, bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy bilen bilelikde gurdy.  Köpugurly sergi türk öndürijileriniň eksporta iberýän harytlarynyň dürli görnüşlerini görkezýär, onuň diwarlyklarynda maşyn gurluşygy, enjamlar we senagat hem-de oba hojalyk pudaklary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň toplumlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we elektronika enjamlary, mebel, dokma önümleri, durmuş himiýasy, parfýumeriýa önümle...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
10 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaşy kabul etdi.  Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler....

DOWAMY