Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýolunda we ady rowaýata öwrülen Nusaý galasynda guralan dabaralara gatnaşdy
6 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýolunda we ady rowaýata öwrülen Nusaý galasynda guralan dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap aljak we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada-2017-niň açylan gününde tamamlanjak atly ýörişe badalga berdi. Şol bir wagtyň özünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sagadyň wagty yzlygyna hasaplamagy başlandy. Bu çäre mynasybetli “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda guralan dabaralar Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş, “Sagdynlyk we...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary tamamlandy
5 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary tamamlandy

2016-njy ýylyň 3-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy hem-de Medine şäherine baryp gördi. Saud Arabystany Patyşasynyň “Al Ýamama” Köşgünde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklere özara gyzyklanma bildirilip, birek-birege ynanyşmak hem-de işjeň häsiýete eýe boldy.  Netijeli gepleşikler hökümetara hem-de pudagara derejelerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek bilen tamamlandy.  Şol gün hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik ne...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
5 Maý
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary edilen işler barada hasabat berdiler. Döwlet  gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew degiş...

DOWAMY
 Er-Riýadda ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
2 Maý
Er-Riýadda ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi

2016-njy ýylyň 1-nji maýynda günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen ugrady.  Er-Riýadda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň Patyşasy dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy   has-da giňeltmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn geljek üçin ikitaraplaýyn özara hereketleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary gepleşikleriň esasy meselesi boldy.  Gepleşikleriň çäklerinde türkmen-saud hyzmatdaşlygyn...

DOWAMY
Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär
29 Apr
Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde “Ýyldyz” myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahaty açyldy. Bu iri maslahat BSGG-niň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerini, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň wekillerini ýygnady. Daşary ýurtlardan  ýüzden gowrak maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda BSGG-niň  Ýewropa sebiti...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary
29 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigindäki desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak, ýurdumyzda haryt hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri  çözme...

DOWAMY