Habarlar

Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy
2 Iýun
Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.  Bellenilişi ýaly, bu Gullugyň işi korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna, olaryň öňüniň alynmagyna, üstüniň açylmagyna hem-de olary derňemek boýunça işiň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendir....

DOWAMY
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 Iýun
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda...

DOWAMY
Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy
31 Maý
Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy açyldy

2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmen paýtagtynda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly iki günlük Aşgabat forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyga degişli döwlet düzümleriniň, abraýly halkara guramalaryň, senagat ulgamynyň, ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar. Söwda-senagat edarasynyň kiçi zalynda ýygnananlaryň arasynda Energetika Hartiýasyna agza döwletleriň -- Albaniýanyň, Awstriýanyň, Erme...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
31 Maý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek esasy stadionynyň abadanlaşdyrylyşy, beýleki guramaçylyk işlerine taýýarlygyň meseleleri, sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygynyň wezipeleri bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi, onuň öň ýanynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna hem-de ýaryşlary geçirmegiň meýilnamalar...

DOWAMY
Tutuş ýurdumyz Türkmen halysynyň baýramyny giňden we dabaraly belledi
29 Maý
Tutuş ýurdumyz Türkmen halysynyň baýramyny giňden we dabaraly belledi

2017-nji ýylyň 28-nji maýynda geçirilen dürli döredijilik, medeni çäreler hem-de sport ýaryşlary ajaýyp haly eserlerini döretmegiň gadymy däplerini dowam edýän ussat halyçy gelin-gyzlaryň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine hem-de milli baýlygymyza bagyşlandy.  Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar ajaýyp paýtagtymyzda geçirildi. Olaryň biri —Türkmen halysynyň milli muzeýinde açylan, däbe öwrülen halkara sergi halkymyzyň bu beýik sungatyna bagyşlandy.  Şeýle hem “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XVII maslahat...

DOWAMY
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi
27 Maý
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi

2017-nji ýylyň 26-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişi möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky teklipleri seljermek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Toparyň baş maksady milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakdan, olaryň gurluş düzümlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. M...

DOWAMY