Habarlar

Ýanwar aýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar
9 Ýan
Ýanwar aýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär.      Şu aýyň medeni çäreleriniň hatarynda zehinli çagalara hem-de çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bar. Şeýle hem Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistan...

DOWAMY
V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary hödürlendi
7 Ýan
V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary hödürlendi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary milli amaly – haşam sungatynyň däp bolan bezeg nyşanlarynyň äheňinde döredildi, emma ol häzirkizaman bezeg görnüşinde täzeçe işlenildi. Hususan-da, Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halysynyň belli nagyşlary, gölleri, milli lybaslaryň keşdeleri öz beýanyny tapdy.      Hemmeleriň eý görýän alabaý iti Oýunlaryň resmi keşbini alamatlandyrar. Dostluga wepaly itleriň bu tohumynyň aýratynlyklary (gulaklary we guýrugy kesilen) milli lybasda ýa-da sport lybasynda şekillendirilendir.      Aziadanyň bezegli keşbinde häzirk...

DOWAMY
Türkmenistanyň DIM-i halkara KHBS-lerinde, sport we diplomatik toparlarda Aziada-2017-niň PR kompaniýasyny ýaýradýar
7 Ýan
Türkmenistanyň DIM-i halkara KHBS-lerinde, sport we diplomatik toparlarda Aziada-2017-niň PR kompaniýasyny ýaýradýar

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat üpjünçüligini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady, ol dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrylmagyna gönükdirilendir.

DOWAMY
       Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi
7 Ýan
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi

Ykdysadyýetiň döwlete degişli desgalaryny hususylaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi.       2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda geçiriljek söwdalarda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki desgalaryň jemi 34-sini hususy eýeçilige satmak meýilleşdirildi.

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
7 Ýan
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.      Mejlisde döwlet emlägine degişli desgalaryň birnäçesi hususylaşdyrmaga degişli bolan desgalaryň sanawyna goşuldy. “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan geljegi uly Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda ýerleşýän meýdanyny özleşdirmek boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk...

DOWAMY
Türkmen hokkeýçileri gyşky Aziada taýýarlanýarlar
5 Ýan
Türkmen hokkeýçileri gyşky Aziada taýýarlanýarlar

Hokkeý boýunça milli ýygyndy toparymyz Minskide (Belarus) “Raubiçi” olimpiýa sport toplumynyň binýadynda geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanyp geldi. Şeýle hem buz üstünde oýnamak boýunça biziň ussatlarymyz ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygynyň ikisini geçirip, olarda ynamly ýeňiş gazandylar.        Häzirki ýygnanyşyklar türkmenistanlylar üçin indiki aýda Sapporo şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek VIII Aziýa gyşky oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şol ýaryşlarda biziň hokkeýçilerimiz ilkinji gezek çykyş ederler.       Üçünji ýanwarda Aşgabatda hokkeý b...

DOWAMY