Habarlar

Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji guni biziň toparyrmyz iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldy
27 Apr
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji guni biziň toparyrmyz iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldy

2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde medallar halkara derejeli sport ussady Rejepbaý Rejebow mynasyp boldy, ol 77 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Agamyrat Janmyradowyň şägirdi silkin götermek usulynda 158 kilogram agramy göterip, netijede iki usulyň jemi boýunça 343 kilogram görkeziji bilen ikinji orny eýeledi. Itekläp götermekde ol 185 kilogram bilen bürünç medaly eýeledi.  Bu agramda hytaýly türgen Çengfeý Ýuan (üç altyn medal) ýeňiji boldy. Koreýa Respublikasyndan Wu Jaýe Kim üçünji orny eýeledi.  Zenanlaryň arasynda 69 kilograma çenli agram derejede geçiren bäsleşikleri biziň topar...

DOWAMY
 Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar
27 Apr
Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar

Kikboksing boýunça bäsleşiklere 17 ýurtdan – Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Malaýziýadan, Iordaniýadan, Siriýadan, Nepaldan, Yrakdan we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşlar alty ugur point-paýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we ýekelikde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça geçiriler. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde çärýek final bäsleşiklerini türkmenistanlylar ýeňlişsiz tamamladylar. 81 kilograma çenli agram derejede geçirilen tutluşyk tomaşaçylaryň aýratyn ýadynda galdy, şunda biziň ildeşimiz Azamat Jumagulyýew bäsleşigiň 20-nji sekundynda gyrgyzystan...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministrini kabul etdi
26 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministrini kabul etdi

2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid Bin Abdulaziz Al-Falihi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösýändigi bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşligiň aýratyn me...

DOWAMY
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni
26 Apr
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni

2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli hem-de erkekleriň arasynda 69 kilograma çenli iki görnüşde medallar ugrunda bäsleşildi. Zenanlaryň ýaryşynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň toparyna wekilçilik edýän Un Sim Rim ynamly ýeňşe eýe bolup, üç altyn medal gazandy: birden götermekde ol 106 kilogram agrama, itip galdyrmakda 131 kilogram agrama hötde gelip, iki görnüşiň netijesinde 237 kilogram toplady. Tailanddan Siripuç Gulnoi (231 kilogram) hormat...

DOWAMY
Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiginde gazanan üstünligi
25 Apr
Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiginde gazanan üstünligi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň geçen hepdede Belarus Respublikasynda nazary mehanika boýunça 13-nji halkara ders bäsleşiginde medallara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky subutnamasydyr.  Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen bäsleşiklere Belarusdan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan ýokary okuw mekdepleriň 35-sine wekilçilik eden talyplaryň 145-si gatnaşdy. TDU-nyň fizika fakultetiniň radi...

DOWAMY
Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi
25 Apr
Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi

Uhanda Hytaý Halk Respublikasynyň Kubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan-Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi. Duşuşyga welaýatyň hökümetiniň we şäher meriýasynyň wekilleri, Uhan şäheriniň Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, Hytaýyň birnäçe sebitleriniň barlag institutlarynyň esasy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde b...

DOWAMY