Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi.
24 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi.

2016-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň hem netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberler...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
20 Few
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 18-nji fewraynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow önümleri we hyzmatlary laýyklyk nyşany bilen standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Standartlaşdyrmak hakynda” we “Sertifikasiýalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryn...

DOWAMY
Watanymyzyň mukaddes tugunyň şanyna dabaralar
20 Few
Watanymyzyň mukaddes tugunyň şanyna dabaralar

2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilip geçildi. Esasy dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşýän baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada geçirildi, bu ýerde  -- 133 metr belentde Türkmenistanyň Baş baýdagy buýsançly pasyrdaýar.  Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, kö...

DOWAMY
Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
20 Few
Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti

2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Maslahat köşgünde geçirilen döwlet konserti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan köp öwüşginli baýramçylyk çäreleriniň birine öwrüldi. Döwletimiziň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan ählihalk baýramçylygy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alamatlandyrýar, milli bitewüligi şöhratlandyrýar, türkmenistanlylaryň  häzirki döwürde gülläp ösüşi başdan geçirýän mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny hem-de belent watançylyk duýgularyny aýdyň görkezýär.  Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýa...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
17 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.  Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz menziliň çäginde ýörite taýýarlanylan ýere baryp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň we onuň esasy düzümleýin desgalarynyň taslamalaryny synlady.  Döwlet Baştutanymyz çyzgylary we maketleri gözden geçirmegiň öň ýanynda “Gap Inşaat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çaly...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy. Şu şanly waka ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynda häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap önümçilik toplumynyň işe girizilýändigini alamatlandyrdy. Soňky ýyllarda telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň...

DOWAMY