Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary
25 Awg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary

2017-nji ýylyň 23-24-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasyna resmi sapary boldy.  Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Serž Sargsýanyň arasynda ýokary derejede ikiçäk duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ozal kabul edilen pudaklaýyn meýilnamalary hem-de maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Liderleri türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ykdysadyýetiň dürli...

DOWAMY
V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler
18 Awg
V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli guralan “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şanly waka mynasybetli guralýan çäreler köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy. Ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ilatyny, umuman, watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemledi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralýan şunuň ýaly köpçülikleýin sport çä...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
17 Awg
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Gullugyň şahsy düzümi, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlar, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabarada Gullugyň harby gullukçylary hem-de myhman hökmünde çagyrylan ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlar çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, täze kitap Türkme...

DOWAMY
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi
14 Awg
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bellenilen Hazar deňziniň güni uly baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen maslahata tebigaty goraýyş düzümleriniň, Hazar deňzi bilen baglanyşykly pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri we ekologlar, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Germanýianyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merke...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby
14 Awg
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby

Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-harby bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Neşir kanunçylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Türkmenistanyň IIM-niň alyp barýan işlerine bagyşlanypdyr. Kitapda döwlet gurluşynyň bu möhüm edarasynyň kemala gelmeginiň taryhy hem-de bu düzümlerde köp ýyllaryň dowamynda...

DOWAMY
Döwlet Baştutanymyzyň Azerbaýjan Resbuplikasyna resmi sapary tamamlandy
10 Awg
Döwlet Baştutanymyzyň Azerbaýjan Resbuplikasyna resmi sapary tamamlandy

Azerbaýjan Resbuplikasyna bolan resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi.  Milli Liderimiz döwrebap binagärligiň ajaýyplyklarynyň hataryna girýän hem-de Azerbaýjanyň paýtagtynyň esasy desgasy bolan binanyň içine girip, merkeziň taryhy we aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Merkeziň esasy wezipeleri taryhy, dili, medeni, milli we ruhy gymmatlyklary hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam bermekden ybaratdyr.  Döwlet Baştutanymyz el haly işleriniň sergisi bilen tanşyp, haly dokalyşynyň aýratynlyklarynda, ussat tür...

DOWAMY