Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine
17 Apr
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!     Sizi Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, eziz Watanymyzyň döwlet berkararlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin...

DOWAMY
Türkmenistanda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň ilçisi işe başlady
16 Apr
Türkmenistanda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Şarif Anisden ynanç hatyny kabul etdi.     Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.     Ilçi arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, türkmen döwletiniň Baştutanyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähir...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň çäklerinde täze başlangyçlary öňe sürýär
14 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň çäklerinde täze başlangyçlary öňe sürýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy.      Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugur boýunça döwletler...

DOWAMY
Aşgabatda ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi
13 Apr
Aşgabatda ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.     Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwl...

DOWAMY
Üç aýyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetimiziň ösüşine şaýatlyk edýär
12 Apr
Üç aýyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetimiziň ösüşine şaýatlyk edýär

2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy.     Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy.     Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklan...

DOWAMY
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegi
10 Apr
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary berkitmek hakynda telefon söhbetdeşligi boldy.      Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji mejlisine gatnaşmaga çagyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerden bolan halkara synçylaryň ýakynda biziň ýurdumyzda geçen Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary bah...

DOWAMY