Habarlar

Türkmenistanyň paýtagtynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy
9 Apr
Türkmenistanyň paýtagtynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy

Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.      Hormatly Prezidentimiz 15 kilometrlik menzilli köpçülikleýin welosipedli ýörişine badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň ýolbaşçly düzümleriniň hatarlary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, dürli puldaklaryň, edaralaryň we kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri ýörişe gatnaşdylar.      Soňky ýyllarda Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijelei sporty ö...

DOWAMY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
7 Apr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.     Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä äşgär edýär – diýip hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda aýdylýar.   ...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
6 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

2018-nji ýylyň 5-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy.       Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolundan geçýän mahalynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni bu düzümler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine çekdi. Harby gullukçylary watançylyk...

DOWAMY
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
5 Apr
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi.      Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.      Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň we ola...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň bölüminiň ýolbaşçysyny kabul etdi
5 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň bölüminiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi.      Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we işewür Türkmenistanda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleri babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Markwart fon Pents ozal gazanylan ylalaşyklar babatda görlen çäreler barada habar berip, özara gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine doly kybap gelýän galla orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň iň täze görnüşlerini ib...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
4 Apr
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.       Mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol eziz Watanymyzyň goranma...

DOWAMY