Habarlar

Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy
12 Iýun
Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy

2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy. Ýurdumyzyň ilçihanasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň bilelikde guramagynda geçirilýän foruma daşary ýurtlaryň HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Hytaýyň jemgyýetçilik guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Pekiniň ýoka...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy
11 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy

2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiz bu ýere “Astana EKSPO —2017” atly halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Sergi “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçiriler hem-de dünýä bileleşigini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň birini—energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen bagly meseläni şöhlelendirer. Ýurdumyzyň Milli sergi merkeziniň gatnaşýan bu ählumumy sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de “ýaşyl ykdysadyýetiň”...

DOWAMY
 Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy geçirilýär
7 Iýun
Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy geçirilýär

2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtymyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç”atly Merkezi Aziýa boýunça Halkara ekologiýa forumy öz işine başlady.  Aşgabatda geçirilýän bu gezekki duşuşyga Belgiýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, ABŞ-dan, Çehiýadan, Şweýsariýadan -- jemi dünýäniň 13 ýurdundan ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym-bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
7 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank toplumynyň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahaty geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi Konstitusiýamyza laýyklykda çaltlandyrmagy öňde durýan işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Döwlet diňe ýurdumyzyň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny üpjün etmek boýunça häkimiýet ygtyýa...

DOWAMY
Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy
2 Iýun
Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.  Bellenilişi ýaly, bu Gullugyň işi korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň ýüze çykarylmagyna, olaryň öňüniň alynmagyna, üstüniň açylmagyna hem-de olary derňemek boýunça işiň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendir....

DOWAMY
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 Iýun
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda...

DOWAMY