Habarlar

Täze neşirde kärhanalary we guramalaryň arhiw resminamalarynyň saklanyş möhleti kesgitlenilýär
12 Maý
Täze neşirde kärhanalary we guramalaryň arhiw resminamalarynyň saklanyş möhleti kesgitlenilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw tarapyndan Türkmenistanyň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri çap edildi.    Bu neşir olary saklamak möhletlerini tassyklamak arkaly resminamalaryň gymmatlygyny kesgitlemek boýunça esasy maglumat gollanmasy bolup durýar. Şeýle hem sanaw çylşyrymly seljeriş işlerini, syýasy, hojalyk, ylmy, medeni ähmiýeti bolan resminamalary saýlamak işini ýeňilleşdirýär. Munuň özi olary döwlet arhiwlerine hemişelik saklamak üçin bermekde has ähmiýetlidir.    Sanaw...

DOWAMY
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
10 Maý
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň 72 ýyllygy giňden bellenilýär. Parahatçylykly ýaşaşmaga çagyrýan, hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dostlugyň alamaty bolan bu sene milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär.     9-njy maýda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dünýäniň ähli halklarynyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň röwşen durmuşy ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolanlary ýatlamak üçin ýygnandylar. Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada weteranlar bilen egin-egne berip, ýaş esgerler hem durlar, olar...

DOWAMY
Awazada Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirildi
6 Maý
Awazada Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 4-5-nji maýy aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň onlarçasyndan maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we beýleki kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumda ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamala...

DOWAMY
Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi
4 Maý
Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 3-nji maýynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Maminiň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi.     Taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjek anyk ädimleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmaga hem...

DOWAMY
Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy
4 Maý
Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy

2017-nji ýylyň 3-nji maýynda paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.    Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň medeni hyzmatdaşlygy ýurtlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän möhüm ugurdyr. Bu hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň baharynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri okgunly ösdürilýär.    2016-njy ýylyň noýabrynda özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm itergi berildi. Şonda Aşgabatda Türkmenis...

DOWAMY
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi.
1 Maý
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi.

2017-nji ýylyň 30-njy aprelinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi, Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IX halkara ylmy maslahaty paýtagtymyzda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan wekilleri ýygnady.  Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi we ýurdumyzyň köp sanly myhmanlary ýygnandylar. Toplum ägirt uly syn ediş meýdançasyna öwrülip, bu ýerde türkmen halkynyň milli medeniýeti, däp-dessurlary dürli öwüşgine eýe boldy. Toplumyň çäginde guralan amaly-haşam sungatynyň, çeper senetleriň, suratlaryň we b...

DOWAMY