Habarlar

Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
27 Mar
Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada bolýar. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, wekiliýetimiziň agzalary iki...

DOWAMY
Çoganlyda iri şäher döredilýär
26 Mar
Çoganlyda iri şäher döredilýär

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, 2019-njy ýylyň   25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň tasmalary bilen tanyşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz taslamalaryň bäş görnüşini bilen içgin tanyşdy, olar ilatyň ösüşiniň, durmuş, ykdysady, ekologiýa we estetiki şertleri hasaba alnyp, işlenip taýýarlanyldy. Bu taslamalarda milli binagärlik we dünýä şäher gurluşygynyň häzirki zaman meýilleri öz beýanyny tapdy. Milli Lideri...

DOWAMY
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr
23 Mar
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr

Türkmenistanda täze bag ekmek möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz ýowaryna çykdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwle...

DOWAMY
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
23 Mar
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi belledi diýiň Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Baýramçylyk dabaralary «Nowruzyň aşhanasy» atly bölüm jemledi. Bu ýerde kyrk gazan atarylyp, olardan palawyň, ýarmany...

DOWAMY
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi
18 Mar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň sergisi hormatly Prezidentimiziň uly goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy pudagynyň...

DOWAMY
Turkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
16 Mar
Turkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Türkmenistany Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, 2019-njy ýylyň 15-nji martynda Aşgabat şäherinde BMG-niň wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi. ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň baştutany hanym Şahin Nilofer çykyşynda ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine Ýetiriji ge­ňeşiniň agzalygyna saýlanmagynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeň­leşdirilýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň çagalaryň huku...

DOWAMY