Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
6 Few
Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykd...

DOWAMY
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy geçirildi
6 Few
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşygyň gün tertibinde Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerç...

DOWAMY
Milli Liderimiz möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we atçylyk toplumlaryna baryp gördi
5 Few
Milli Liderimiz möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we atçylyk toplumlaryna baryp gördi

2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda, döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewler bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta-günbatar künjegine baryp, täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, diý...

DOWAMY
Türkmenistanyň DIM-de Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň nobatdaky iş mejlisi geçirildi
4 Few
Türkmenistanyň DIM-de Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň nobatdaky iş mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan R...

DOWAMY
Aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak
3 Few
Aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaş...

DOWAMY
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy
3 Few
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti dolandyrmak, söwda, energetika w...

DOWAMY