Habarlar

BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar
10 Apr
BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitleýin hem-de halkara gün tertibine degiş...

DOWAMY
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Bütindünýa bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
9 Apr
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Bütindünýa bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlar...

DOWAMY
«Türkmennebit» DK-niň we «Tatneft» JPJ-niň arasynda wideomaslahat geçirildi
9 Apr
«Türkmennebit» DK-niň we «Tatneft» JPJ-niň arasynda wideomaslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde «Türkmennebit» Döwlet konserniniň edara binasynda «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» DK-niň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar. Onlaýn-gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar iki...

DOWAMY
Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanda bellendi
8 Apr
Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanda bellendi

2020-nji ýylyň 7-nji aprelinde Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şol çärelere milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi, diýip TDH habar berýär. Hususan-da, futzal, basketbol, tennis, fitnes, gimnastika, woleýbol, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar guraldy hem-de küşt we bouling oýnaldy. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleý...

DOWAMY
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň we Kazanyň dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasyndaky wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler
7 Apr
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň we Kazanyň dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasyndaky wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.   Türkmen tarapyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow, tatar tarapyna bolsa Kazanyň dikuçar zawodynyň dolandyryjy direktory Ýu.Pustowgarow ýolbaşçylyk etdi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň awiatehnikalary satyn alm...

DOWAMY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
7 Apr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýäris. Sizi sagdynlygy we ruhubelentligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň ruhubelentligiň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de...

DOWAMY