Habarlar

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy
3 Iýun
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi, diýip TDH habar berýär. Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylygyň çäklerinde türkmen Lideri bilen pikir alyşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Jenap Dawid Lappartýen geçen ý...

DOWAMY
RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
3 Iýun
RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýetine şonuň ýaly-da «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Ba...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
2 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, içeri işler ministriniň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarl...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
2 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

DOWAMY
Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty
2 Iýun
Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk senenamasynyň sanawyna girizildi, diýip TDH habar berýär. «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi paýtagtymyzda guralan baýramçylyk çäreleriniň merkezine öw...

DOWAMY
Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi
2 Iýun
Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we beýl...

DOWAMY