Habarlar

Aşgabatda “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady
21 Iýul
Aşgabatda “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady

2016-njy ýylyň 20-nji iýunynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bu forum iň iri we abraýly çäreleriň biri bolup, lukmançylyk ylmynyň hem-de ony iş ýüzünde peýdalanmakda häzirki zaman gazanylanlary äşgär etmäge hem-de ornaşdyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanan üstünliklerine  halkymyzyň saglygyny hem-de durmuş dereje...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Galla baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
18 Iýul
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Galla baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji iýulynda ýurdumyzda ählihalk dabarasy bolan we türkmen gallaçylarynyň zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň sahawatyny alamatlandyrýan Galla baýramy giňden bellenildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar.     Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde Galla baýramy mynasybetli hasyl ussatlaryny hormatlamak dabaralary, medeni- köpçülikleýin we sport çäre...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri logistika merkezini gurmagyň barşy bilen tanyşdy
14 Iýul
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri logistika merkezini gurmagyň barşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň täze Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň howa menzilinde bina edilýän ýük terminalynyň gurluşygy hem-de onyň bunýadynda logistika merkezini gurmagyň barşy bilen gyzyklandy. Umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metre deň bolan ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ibermäge niýetlenendir. Onuň çäginde  eksport we import zolaklary, iki sowadyjy jaý, dürli ýükleri saklamak üçin ammarlar bar. Şeý...

DOWAMY
Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady
14 Iýul
Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady

2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Rim Papasynyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili, Watikanyň nunsiýasynyň Apostoly jenap Paul Fitspatrik Rasselden ynanyç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwer gymmatlyklar döwletiň demokratik sütünlerini berkitmäge, jemgyýetde ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, umuman, adamyň abadançylygyny goramaga gönükdirilendir. Ş...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
9 Iýul
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar welaýatyna başlanan iş saparynyň barşynda saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen täze döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak çäresine, birnäçe möhüm durmuş-ykdysady desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toparyna seredildi. 2016-njy ýylyň 8-nji iýulynda Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň P...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
7 Iýul
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.  Hasabatyň barşynd...

DOWAMY