Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar maslahatyny geçirdi.
7 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşlar maslahatyny geçirdi.

2016-njy 6-njy aprelinde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýaşlar maslahaty geçirildi. Onda milli Liderimiz ýaş nesliň öňünde möhüm, jogapkärli we anyk wezipeleri goýdy, döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýasy babatda işiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiz münbere çykyp we bu ýere ýygnananlara ýüzlenip söz sözledi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýaşlaryň orny bilen gönüden-göni bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary boý...

DOWAMY
BMG-niň ulgamynda Türkmenistanyň orny pugtalanýar
7 Apr
BMG-niň ulgamynda Türkmenistanyň orny pugtalanýar

Şu ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC-yň) mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň: 2017–2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2016–2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna hem-de 2017–2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda tutuş türkmen halkyny BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin tä...

DOWAMY
Sport biraýlygynyň ilkinji bäsleşikleri
6 Apr
Sport biraýlygynyň ilkinji bäsleşikleri

2016-njy ýylyň 5-nji aprelinde tutuş ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli çärelere badalga berildi. Uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw boýunça geçirilen bäsleşikler bu çäräniň açylyşyny alamatlandyrdy. Paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunda uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw boýunça guralan ýaryşa gatnaşmak üçin ir bilen sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň müňe golaýy ýygnandy. Oňa g...

DOWAMY
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi
5 Apr
Türkmenistan – BMG: hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi

2016-njy ýylyň 4-nji aprelinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň Aşgabatdaky agentlikleriniň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanan resminamanyň taslamasy Ministrler Kabinetiniň 1-nji aprelde bolan mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan makullandy. Nobatdaky bäş ýyla niýetlenen täze resminama Birleşen Milletl...

DOWAMY
Umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaralar
3 Apr
Umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaralar

2016-njy ýylyň 3-nji apreli. Ýola goýlan asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramy giňden we dabaraly bellenilýär. Bu gün ýurdumyz edermen miraplaryň, melioratorlaryň, suw gurluşykçylarynyň hormatyny ýetirýär. Olar möhum wezipäni -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak ýaly mukaddes işi ýerine ýetirýärler. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny uly üns...

DOWAMY
Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz gözden geçirmek çäresi başlandy
27 Mar
Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz gözden geçirmek çäresi başlandy

2016-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gije ýarymdan agan wagtlary wideoşekilli göni aragatnaşyga çykyp, Türkmenistanyň goranmak ministri, ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe Ýaragly Güýçlerimiziň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň...

DOWAMY