Habarlar

Sanly transport gözegçiligine geçmek boýunça taslama durmuşa geçiriler
14 Apr
Sanly transport gözegçiligine geçmek boýunça taslama durmuşa geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenawtoulaglary» agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, diýip TDH habar berýär. Şu maksat bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapynd...

DOWAMY
Türkmen eksporta gönükdirilen önümler wirtual formatda hödürlener
13 Apr
Türkmen eksporta gönükdirilen önümler wirtual formatda hödürlener

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 10-njy aprelinde gecirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi, diýip TDH habar berýär. Sanly sergi internet saýty görnüşinde döredilip, onda ösen tehnologiýalaryň we elektron şekilleriň üsti bilen ekspozisiýalary emele get...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Samminitine gatnaşdy
11 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli Geňeşiň Samminitine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýer-ministri, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşin...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň gurluşyk desgalaryndaky işler bilen tanyşdy
10 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň gurluşyk desgalaryndaky işler bilen tanyşdy

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy bar. Ir bilen döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň gurulýan...

DOWAMY
BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar
10 Apr
BMG-niň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri ähmiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirýän ähmiýetli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebitleýin hem-de halkara gün tertibine degiş...

DOWAMY
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Bütindünýa bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
9 Apr
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Bütindünýa bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlar...

DOWAMY