Habarlar

Gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça ÝHHG-nyň okuw maslahaty
20 Maý
Gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça ÝHHG-nyň okuw maslahaty

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahaty öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi we BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň wekilleri, BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça eda...

DOWAMY
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň mejlisi geçirildi
20 Maý
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň guralynyň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler a...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
19 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

2020-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy, diýip TDH habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanun we ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik...

DOWAMY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18 Maý
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy hem-de...

DOWAMY
Sagdyn durmuş ýörelgesi — nesilleri terbiýelemek we dowamatlylyk däpleriniň ösdürilmegi
17 Maý
Sagdyn durmuş ýörelgesi — nesilleri terbiýelemek we dowamatlylyk däpleriniň ösdürilmegi

Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň juda köpdügine garamazdan boş wagtlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak bilen watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Dynç güni irden milli Liderimiz adaty endigine eýerip, agtygy Kerim bilen welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy, diýip TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz agtygy Kerim bilen ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň h...

DOWAMY
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda
16 Maý
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na synçy hökmünde kabul edilmeginiň mesele...

DOWAMY