Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
15 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatna...

DOWAMY
Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
14 Sen
Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

2020-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy, diýip TDH habar berýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekler...

DOWAMY
2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy
13 Sen
2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýer...

DOWAMY
Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýar
13 Sen
Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýar

2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäg...

DOWAMY
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine
12 Sen
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine

Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bütin ýurdumyzda giňden bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen ata Watanymyzda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kämil maddy-enjamlaýyn binýatly, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde dürli görnüşli, ýokary tehnologiýalara esaslanýan des...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we bu ugry...

DOWAMY