Habarlar

Aşgabatda «Türkemnistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi
9 Maý
Aşgabatda «Türkemnistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýerli we ýurdumyzda işleýä...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär
8 Maý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň seçgisi boýunça işleri giňeltmek, alabaýlaryň özboluşly tohumyny aýawly saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen döredilen birleşigiň öňünde durýan wezipeler girizildi, diýip TDH habar berýär. Soňra Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanylýan toplumyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guruldy. Mälim bol...

DOWAMY
Türkmenistanyň we Türkiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler
8 Maý
Türkmenistanyň we Türkiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary W.Hajiýew, türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň Direktory Ýönet Jan Tezel ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özarahereketlerini ara alyp...

DOWAMY
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
7 Maý
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük daşamalary, şeýle-de senagat we oba hojalygy ýaly äh...

DOWAMY
Halkara ulag forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk
7 Maý
Halkara ulag forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» ýaly ugurdaş agentlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzyň HUF-my bilen özarahereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara ulag forumynyň Baş sekret...

DOWAMY
Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
7 Maý
Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dört taraplaýyn iş duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.   Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy, Baku, Po...

DOWAMY