Habarlar

Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiginde gazanan üstünligi
25 Apr
Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiginde gazanan üstünligi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň geçen hepdede Belarus Respublikasynda nazary mehanika boýunça 13-nji halkara ders bäsleşiginde medallara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky subutnamasydyr.  Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen bäsleşiklere Belarusdan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan ýokary okuw mekdepleriň 35-sine wekilçilik eden talyplaryň 145-si gatnaşdy. TDU-nyň fizika fakultetiniň radi...

DOWAMY
Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi
25 Apr
Uhanda Türkmenistan we Hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forum geçirildi

Uhanda Hytaý Halk Respublikasynyň Kubeý welaýatynyň dolandyryş merkezinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň jemleýji gününiň maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistan-Hytaý: Täze Ýüpek ýolunda hyzmatdaşlyk” atly forum geçirildi. Duşuşyga welaýatyň hökümetiniň we şäher meriýasynyň wekilleri, Uhan şäheriniň Hytaý geologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, Hytaýyň birnäçe sebitleriniň barlag institutlarynyň esasy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde b...

DOWAMY
Türkmen agyr atletikaçylarynyň iki bürünç medaly
24 Apr
Türkmen agyr atletikaçylarynyň iki bürünç medaly

2017-nji ýylyň 24-nji apreli. Olimpiýa şäherjiginde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty dowam edýär. Şu gün, ýaryşlaryň ikinji güni zenanlaryň arasynda iki agram derejesinde bäsleşikler geçirildi, şunda Türkmenistanyň topary iki bürünç medala eýe boldy. Medallaryň ikisini hem 53 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Kristina Şermetowa gazandy. Ýaryşlaryň birinji gününde biziň toparymyzyň hatarynda Ýulduz Jumabaýewa iki gezek üçünji orunlary eýeledi. Şu günki netijeleri hem hasaba almak bilen, Türkmenistanyň ýygyndy topary dört bürünç medaly eýeledi. K.Şermetowa itekläp götermekde 1...

DOWAMY
Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy
23 Apr
Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy

2017-nji ýylyň 23-nji aprelinde Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, KHDR-den, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan — jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Ýulduz Jumabaýewa iki bürünç medala mynasyp boldy.  Biziň ildeşimiz 48 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, bu üstünligi itekläp götermek (93 kilogram) we silkip ştanga götermegiň iki...

DOWAMY
Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär
22 Apr
Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabatda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça 2-nji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan forumyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.    Duşuşygyň gün tertibine käbir ugurlar boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri girizildi.    Maslahatyň barşynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary dep...

DOWAMY
Aşgabatda ahalteke bedewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy
22 Apr
Aşgabatda ahalteke bedewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen yglan eden bäsleşigine hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.    Her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşigine medeniýetiň dürli ulgamlarynyň wekilleriniň köpüsi gatnaşýar. Behişdi bedewler bu serginiň esasy gahrymanlarydyr. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, neşirýat iş...

DOWAMY