Habarlar

Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti öz işine girişdi
17 Few
Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti öz işine girişdi

Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmek hakynda kasam etdi. “Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, öz üstüme ýüklenen wezipeleri ak ýürekden we mynasyp derejede yzygiderli ýerine ýetirmäge; Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny hem-de bitaraplyk derejesini goramaga; adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga; Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryny berjak etmäge we goramaga; öz ähli güýç-gaýratymy hem-de başarnyklarymy türkmen halkynyň jebisligi,...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: saýlawlarda özümiň goldanylmagymy gazanan üstünliklerimiziň netijesi hökmünde kabul edýärin
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: saýlawlarda özümiň goldanylmagymy gazanan üstünliklerimiziň netijesi hökmünde kabul edýärin

Döwlet Baştutanymyz Prezident saýlawlarynyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, saýlaw uçastoklaryna gelip ses berenleriň ählisine minnetdarlygyny beýan etdi.    Bu saýlawlarda mähriban halkymyň maňa bildiren uly ynamy meni galkyndyrýar. Geçirilen saýlawlaryň netijeleri soňky bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylan oňyn özgertmeleri halkymyzyň doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.    “Bu saýlawlarda meni halkymyzyň giňden goldamagy soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde amala aşyran işlerimiziň, gazanan ü...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.    Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlaryň meseleleri we günä geçmek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwl...

DOWAMY
Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesine alpinistler “Aziada – 2017-niň” nyşanyny çykarar
15 Few
Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesine alpinistler “Aziada – 2017-niň” nyşanyny çykarar

Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr. Her ýylyň fewral aýynda türkmen alpinistleri ajaýyp däbe eýerip, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu dag depesiniň çür başyna Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň baýdagyny dikýärler.    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň hormatyna Döwlet habarlar agentligi (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we sö...

DOWAMY
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy
15 Few
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy

Paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň gutarnykly jemleri jemlenildi.    Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, milli saýlaw kanunçylygynda hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirildi. Ses bermäge saýlawçylaryň 97, 28 göterimi ýa-da 3 million 163 müň 692 adam gatnaşdy. Bu görkeziji ýurdumyzyň ilatynyň raýat işjeňligine, onuň ýurdumyzda demokratik özgertmelere ga...

DOWAMY
Kuraş boýunça türkmen türgenleriniň Özbegistanda gazanan üstünlikleri
14 Few
Kuraş boýunça türkmen türgenleriniň Özbegistanda gazanan üstünlikleri

Özbegistanyň Buhara oblastynyň kuraş boýunça şu gün tamamlanan açyk çempionatynda türkmen türgenleri jemi on dört medala — bäş altyn, üç kümüş we alty bürünç medala mynasyp boldular.     Biziň toparymyzda ýaryşyň iň ýokary baýragyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Muhammet Temirow (81 kg çenli), Hudaýberdi Jumaýew (100 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) mynasyp boldular. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň birinji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa (78 kg çenli) we Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Gülşat Nasyrowa (63 kg çenli) ýaryşyň altyn...

DOWAMY