Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baştutany özara gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
17 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baştutany özara gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani bilen duşuşdy.    Türkmenistanyň başyny başlaýan, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalaryň maýa goýum ulgamynda netijeli gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýär. Olaryň hatarynda kuwwaty ýylda “mawy ýangyjyň” 33 milliard kub metrine barabar bolan Türkmeni...

DOWAMY
Türkmenistan Kataryň meşhur halkara uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek babatda toplan tejribesine gyzyklanma bildirdi
17 Mar
Türkmenistan Kataryň meşhur halkara uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek babatda toplan tejribesine gyzyklanma bildirdi

2017-nji ýylyň 16-njy marty. Kataryň meşhur halkara uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek babatda toplan tejribesiniň uly gyzyklanma döredýändigi barada hormatly Prezidentimiz Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň (Quatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşygynda belledi.  Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Doha döwlet saparynyň ikinji gününde geçirildi.     Duşuşygyň çäklerinde Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu Gazna “adam kapitalyna” m...

DOWAMY
Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitarplaýyn resminamalara gol çekildi
16 Mar
Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitarplaýyn resminamalara gol çekildi

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Dohada ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri geçirildi. Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra bolsa olar “ýüzbe-ýüz” ýagdaýda duşuşdylar.    Bu ýokary derejeli duşuşyk taraplaryň strategiki we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meýillerini tassyklaýar. Türkmenistan ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, energetika ulgamynda hem-de sport pudagynda düýpli üstünlikler gazanan ýurt hökmün...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi
16 Mar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet saparynyň barşynda Dohoda geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra kataryň Emiri bilen Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi.    Soňra döwlet Baştutanymyz “Al Şakab” belli atçylyk-sport toplumynyň işiniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi.    Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutany dünýä belli atçylyk sport toplumy bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentim...

DOWAMY
Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri başlandy
15 Mar
Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri başlandy

2017-nji ýylyň 15-nji marty. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi.    Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Doha şäheriniň howa menziline hormat garawulynyň nyzama düzülen uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.    Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha” kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar.    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugraýar...

DOWAMY
Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi
14 Mar
Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi.    Belarus Respublikasynda Mogilýew şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny tamamlaýarlar. Bu ýerde 26-njy fewralda sport tanslary boýunça geçirilen ýaryşlarda ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin bilen Waleriýa Nepomnýaşaýa kümüş medala mynasyp boldular.    Belarussiýanyň tans boýunça belli tälimçileriniň biri, halkara derejeli sport ussady I.Kuleşowyň ýolbaşçylygynda biziň toparymyz ýygnanyşyklary geçdiler. Ol “Türgenler ähli aýdylanlara anyk düşünip, tutanýerli t...

DOWAMY