Habarlar

 Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy
13 Ýan
Maliýe-hukuk medeniýeti – bazar gatnaşyklarynyň esasy

Ýurdumyzyň salgyt kanunçylygynda üýtgetmeler barada maglumatlary we düşündirmeleri yzygiderli berýän, şeýle hem öz sahypalarynda bilermen-maslahat işlerini alyp barýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.      Žurnal hünärmenler köpçüligine niýetlenen bolsa-da, okyjylaryň has giň toparynyň ünsüni hem özüne çekýär. Salgyt salmak meselelerinde sowatlylyk – jemgyýetiň umumy hukuk medeniýetiniň bir bölegi bolup, onuň derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny döretmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň, telekeçiligi ösdürmegiň, ykdysady işleriň...

DOWAMY
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar
13 Ýan
Daşoguz welaýatynyň pagta egriji fabrigi önümleriniň eksportuny artdyrýar

Bu kärhana ýurduň demirgazyk sebitindäki iň iri kärhanalaryň biri. Bütin dünýä meşhur önüm öndürijilerden getirilen öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen bu fabrik dünýä bazarlarynda ägirt uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriniň möçberini her ýyl artdyrýar.       Diňe geçen ýylda bu ýerde dokma we trikotaž önümçiligi üçin niýetlenen Rign nah ýüplügiň 6894 tonnasy öndürildi. Öndürilýän önümleriň aglaba bölegi Ýewropa, Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Türkiýä, Pakistana we beýleki döwletlere eksport edilýär. Daşoguzyň nah ýüplügi şeýle-de içerki dokma kärhanalaryna hem iberilýär.

DOWAMY
      Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem akkreditasiýa şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2017-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.     Jenap Abdul Malik TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek bo...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
12 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

2017-nji ýylyň 11-nji ýanwary. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi.      Duşuşykda ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de Durnukly Ösüş Maksatlar...

DOWAMY
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi
11 Ýan
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwary. Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu iri möçberli çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de häzirki wagtda ýarpy ýoluny geçen we ýaryşlaryň başlanmagyna galan 250 güni sanap başlan atly ýörişe gabatlanyp geçirildi.      Önümçilik maşklary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary tar...

DOWAMY