Habarlar

  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady
9 Mar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

2017-nji ýylyň 8-nji marty. Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýa...

DOWAMY
8-nji martda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäresi geçirildi
9 Mar
8-nji martda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäresi geçirildi

2017-nji ýylyň 8-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy. 2008-nji ýylda döredilen bu hormatly ada her ýyl sekiz we ondan hem köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlaryň köpüsi mynasyp bolýarlar. Munuň özi türkmen döwletiniň köp çagaly enelere aýratyn üns we goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. D...

DOWAMY
    Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri täze köprüleriň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar
7 Mar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri täze köprüleriň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar

2017-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar. Şanly waka mynasybetli dabaralaryň geçýän ýerinde türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary, iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri, gadymy däp-dessurlaryň äheňindäki teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen gurşalyp alnan uly baýramçylyk guraldy.  Inženerçilik gurluşy döredilende, bu ýerleriniň howa, toprak, inžener-geologiýa, gidrologiýa we tektoniki şertleri, howa ýagdaýy g...

DOWAMY
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy
7 Mar
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy

2017-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti hemişe halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanan döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Yslam Abduganiýewiçiň uly ornuny nygtady. Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Pre...

DOWAMY
Köp çagaly maşgalalara döwlet Baştutanymyz adyndan täze öýleriň açarlary gowşuryldy
7 Mar
Köp çagaly maşgalalara döwlet Baştutanymyz adyndan täze öýleriň açarlary gowşuryldy

2017-nji ýylyň 7-nji martynda Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Şu gezekki dabaralar...

DOWAMY
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet sapary
6 Mar
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet sapary

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapar bilen Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdiler. Ikiçäk gepleşikler tamamlanandan soň, ýokary derejedäki gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Taraplar söwda-ykdysady aragatnaşyklary, işewür jemgyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy ugrun...

DOWAMY