Habarlar

Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleri üçin Açyk gapylar güni geçirildi
1 Few
Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleri üçin Açyk gapylar güni geçirildi

2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda Açyk gapylar güni geçirildi. Bu özboluşly çäre şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guraldy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Energetika Hartiýasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
1 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Energetika Hartiýasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşdy.    Netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.     Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň halkara hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilelikdäki işiň möhüm ugurlarynyň...

DOWAMY
Ýurdumyzyň çempionaty tamamlandy, öňde - dünýä çempionaty
31 Ýan
Ýurdumyzyň çempionaty tamamlandy, öňde - dünýä çempionaty

Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa 150-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri altyn medallaryň 17-sini gazanyp, öňdeligi eýelediler.     Indi taekwondo ITF milli federasiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümini kesgitlärler. Milli ýygyndy toparymyz şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň paýtagty Phenýan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan iri halkara ýaryşyna – dünýä çempionatyna taýýarlyk görer. Dünýä birinjiligi ugrunda erkekleriň we zenanlaryň a...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
31 Ýan
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz sebiti durmuş –ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, senagat pudagynda we oba hojalygynda alnyp barylýan işlere üns berdi, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmetkeşleri bilen duşuşdy.     Ahal welaýatynyň çägindäki Owadandepede gurulýan we tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça döwrebap kärhanada alnyp barylýan işler öňde durýan wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr. Bu maýa goý...

DOWAMY
Bilim ulgamyna ýardam bermek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslama
30 Ýan
Bilim ulgamyna ýardam bermek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslama

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji strategik okuw-maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝB-niň wekilhanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurduň birnäçe pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar.    Çäreleriň deslapky meýilnamalary, milli bilim ulgamynda gazanylanlar, 2009-2013-nji ýyllarda amala aşyrylan ÝB-niň ozalky iki sany degişli ugurly taslamalarynyň netijeleri...

DOWAMY
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam eder.
30 Ýan
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam eder.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň    2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň energetika ulgamynda özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň we XXI asyrda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi.      Geçen ýylyň 25-26-njy noýabrynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Tokio şäherinde geçirilen mejlisinde ýurdumyz 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň konferensiýasynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanyldy.     Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konfer...

DOWAMY