Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygyndan
12 Okt
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygyndan

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.  Özara ynanyşmak hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.  Şunda prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu u...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
5 Okt
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda  Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de asudalygyň bähbidine şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriniň jemlerine garaldy. Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylý...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Ymamnazar» gümrük nokadyna bardy
30 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Ymamnazar» gümrük nokadyna bardy

2016-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ymamnazar gümrük nokadyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew hasabat berdi.    Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu düzümleriň işi hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryny diňledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ymamna...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy
18 Sen
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy. Bu waka Türkmenistany yklymyň iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm halka öwürmek boýunça milli Liderimiziň ägirt uly pikirini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu öz nobatynda ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de netij...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden
16 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden

2016-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda 14-nji sentýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň netijeleri jemlendi, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.     Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde geçirilýän işler barada hasabat berdiler.  Türkmenistanyň Prezidenti, ý...

DOWAMY
 Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi
15 Sen
Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi.  Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara aly...

DOWAMY