Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden
26 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden

2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle hem bu düzümleriň 2019-njy ýylda öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeler hem-de esasy çäreler kesgitlenildi. Mejl...

DOWAMY
Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
25 Ýan
Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda ýokary tizlikli Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 11-nji ýanwarda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmegi hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
24 Ýan
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentim...

DOWAMY
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi
22 Ýan
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi.  Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan, baş ýörelgesi «Döwlet adam üçindir!» diýe...

DOWAMY
Türkmenistanyň DIM-de ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
22 Ýan
Türkmenistanyň DIM-de ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. «Komatsu» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi boýunç...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
16 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen tutuş dünýäde abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara guramalary...

DOWAMY