Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
28 Iýul
TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilip, bank ulgamyna innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň düzüminiň, önümleriniň hem-de döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň ugurlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutý...

DOWAMY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
25 Iýul
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet Pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz her bir musulmanyň durmuşynda şanly waka bolan we yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan bu ajaýyp senäniň möhümdigini belläp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda hem-de Özbegistanyň halkynyň bäh...

DOWAMY
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ NUSGAWY DÄBI
22 Iýul
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ NUSGAWY DÄBI

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada esasy ugry bolup durýan durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzd...

DOWAMY
DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR
18 Iýul
DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAK WE SANLY ULGAMA GEÇMEK TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ STRATEGIÝASYDYR

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýu...

DOWAMY
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTARA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
11 Iýul
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTARA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň wekiliçiliginde türkmen-rumyn we rumyn-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň Başlyklary, şeýle-de iki ýurduň deputatlary wekiliýetleriň düzümine girizildi. Taraplar iki dostlukly ýurduň parlamentleriniň işine degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşu...

DOWAMY
MILLI LIDERIMIZIŇ DURMUŞA GEÇIRÝÄN «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN
7 Iýul
MILLI LIDERIMIZIŇ DURMUŞA GEÇIRÝÄN «AÇYK GAPYLAR» SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we ýolbaşçylygynda şu geçen döwürde ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen, şol sanda halkara düzümleriniň çäklerindäki ýokary derejedäki özara hyzmatdaşlygy bellenilip geçi...

DOWAMY